Toplam Sayfa Görüntüleme Sayısı

4 Mayıs 2015 Pazartesi

Milletiň Lideriniň durmuş syýasatynyň täze gadamlary

Milletiň Lideriniň durmuş syýasatynyň täze gadamlary
07.09.2012
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygy hakyngaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip nygtaýar we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler hem-de iş ýüzündäki hereketler bilen muny tassyklaýar. Döwlet Baştutanynyň örän talapkär çemeleşýän bu meseleleri her gezek hökümet mejlislerinde we bu ulgamyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bilen geçirilýän iş maslahatlarynda düýpli ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mysal üçin, ýakynda bolan göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda milletiň Lideri pudagyň hünärli işgärleri taýýarlamak, lukmançylyk ylmyny höweslendirmek, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny işe ornaşdyrmak, iň oňat dünýä tejribesini, aýratyn hem sanatoriýa-şypahana ulgamyny ösdürmäge degişli tejribäni öwrenmek ýaly ugurlaryna ýene-de ünsi çekdi. Bu ösüş häzirki wagtda şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, olaryň edýän hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge hem-de hilini ýokarlandyrmaga we tutuşlygyna alnanda, türkmen şypahana ulgamynda innowasion ýagdaýlary höweslendirmäge, ony dünýäniň sagaldyş syýahatçylygynda mynasyp orna çykarmaga gönükdirilendir.

Milletiň Lideri meşhur türkmen şypahanalarynyň birnäçesiniň durkuny düýpli täzelemegiň we şypahana dynç alşynyň täze merkezleriniň döredilmeginiň başyny başlap, bu ugry ösdürmäge ileri tutulýan döwlet maksatnamasynyň derejesini berdi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasy munuň üstünlikli mysaly bolup durýar. Sagaldyş edaralaryny häzirki döwre görä ylmy—tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň göwnejaý derejede işlemegini gazanmak köp maddy serişdeleri, özi-de myhmanhanalary saklandan hem has köp serişdeleri talap edýändigi äşgärdir. Türkmenistanyň Prezidenti görnükli alym we sanatoriýa-şypahana kömeginiň lukmançylygyň has netijeli ugry bolup durýandygyna berk ynanýan lukman hökmünde munuň üçin köp serişdeleri gönükdirip, ony işjeňleşdirmäge uly goldaw berýär. Munuň özi ykdysady we durmuş nukdaýnazaryndan halkyň saglygyna maýa goýmakdyr. Şypahana-bejeriş toplumynda bolup geçýän özgertmeleri doly açyp görkezmek üçin biz milli ösüşiň döwlet orta we uzak möhletli durmuş—ykdysady maksatnamalarynda möhüm orny eýeleýän bu meselä bagyşlanylan makalalaryň tapgyryny okyjylara hödürleýäris.


«Mollagara» şypahanasy: tebigatyň täsin güýjüniň täzeden janlanmagy

...Balkanabat şäherine ýakynlaşanyňda uçaryň penjiresinden Balkan dagynyň etegindäki aksowult takyrlaryň ýaýran çäksiz görnüşi açylýar, şol şäherden meşhur şypahana awtomobilde 30 minutda baryp bolýar. Göwnüňe bolmasa, bu sebitlerde tebigat çöllüklerden sary we daglardan tutuksy-goňur öwüşginleri özüne seçip alan ýaly görünýär, ol ýokardan müňýyllyklaryň dowamynda öz gujagynda güjür-gaýrat beriji güýji jemlän bu topragyň ägirt uly giňişlik ýaly bolup görünýär. Onuň gözbaşlary hakyndaky hekaýat onlarça we ýüzlerçe million ýyl mundan öňki taryha özboluşly gezelenç edýän ýaly bolup biler. Ýöne biziň maksadymyz başgadyr, häzirki wagtda aladaçyl we aýawly lukman bolan paýhasly tebigat tarapyndan jemlenen bu gudratly güýjüň täzeçe açylyşyny görmekden ybaratdyr, onuň gujagynda gymmatly bejeriş serişdeleriniň ägirt uly gorlary bar.


Gür baga bürenip oturan we gün nuruna lowurdaýan «Mollagara» şypahanasynyň ak mermere örtülen täze binasy uzakdan çöldäki salgyma çalym edýär. Şypahananyň dabaraly açylyşyna bir aýdan gowrak mundan öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şypahana paýtagtymyzdaky häzirki zaman täze binalaryny çöl alaňlyklarynyň arasyna göçürilip getirilene çalym edýär. Jebel şäherçesiniň aňyrsynda ýaýylyp ýatan tekizlikde gurlan bina şäherlerimiz üçin adaty bolsa-da bu ýer üçin gudrat ýaly bolup görünýär.

Şypahana toplumynyň çäklerine aralaşsaň, munuň diňe bir pansionat bolman, eýsem, durmuş gaýnap joşýan, ösen düzümi bolan tutuş şypahana şäherçesidigine göz ýetirýärsiň, toplumyň çäkleri bolsa 33 gektara golaý meýdany tutýar. Nagyşlanan aýnalary şugla saçýan we öň tarapyndaky metal gurnamalara altyn çaýylan 6 gatly esasy bina bu ýere gelýänleri ajaýyp myhmanhana ýaly garşylaýar. Bir tapawut göze ilýär: ähli işgärler ak lybasdadyr, ýagny lukmançylyk ulgamynyň işgärleriniň iş lybasyndadyr. Sebäbi adamlar bu ýere saglyklaryny dikeltmek üçin gelýärler, muňa bolsa ussat hünärmenler ýardam edýär.

Inžener—tehniki taýdan düýpli durky täzelenenden we binagärlik taýdan doly täzelenenden soň şypahana indi öňkülerine garanyňda iki ýarym esse köp adam kabul edip bilýär. Munuň özi bir wagtyň özünde 800 adamdan gowrakdyr. Hemişe giňden mälim bolan bu sagaldyş edarasynyň doly durky täzelenenden soň uly meşhurlyga eýe bolandygyny belläp geçmeli. Oňa daşary ýurtly wekiller hem aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Mollagaranyň geljekki daşary ýurtly myhmanlaryndan gelýän telefon jaňlary şypahananyň durkunyň täzelenendigi hakyndaky täzeligiň halkara derejesinde äşgär bolandygyna şaýatlyk edýär.


Häzir hem bu ýer köp adamly. Şypahananyň artýan mümkinçilikleri saglygyny dikeldýänleri lukmanyň kabul etmegine we bejeriş bellemäge uzak garaşdyrmaýar.

Kabul etmegiň we ýaşamagyň ajaýyp myhmanhanadaky ýaly göwnejaý şertleri bilen bir hatarda, bu ýerde lukmançylyk eserdeňligi hem ýokary derejededir. Munuň bolsa adamlara durmuş we gündelik aladalardan doly saplanyp, bejerişe ýa-da öz saglyklaryny dikeltmäge, şol bir wagtyň özünde oňat dynç almaga doly çalyşmaklary üçin täsin ýagdaýy döredýändigi guwançlydyr.

Keselleri anyklaýyş we fizioterapewptiki bölümlerde garaşyp duran adamlaryň azdygyna gözüň ilýär, şol ýerlerde işler hakykatdan hem innowasion esasda sazlaşykly guralypdyr. Dünýäniň köp şypahanalarynyň «Mollagara» şypahanasynyň enjamlaşdyrylyşyna gözi gidip biler. Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Slowakiýanyň esasy önüm öndürijilerinden getirilen iň täze lukmançylyk enjamlarynyň oturdylmagy netijesinde, şypahanada bejeriş-dikeldiş hyzmatlarynyň giň toparyny hödürlemek, şeýle hem keselleri anyklamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde rentgen, endoskopiýa, UZI, EKG geçirmek, kompýuter tomografiýasy we başgalar üçin enjamlar bar. Terapewt, kardiolog, hirurg, trawmatolog, newropatolog, urolog, çaga lukmanlary we beýleki lukmanlar oňat maslahatlary berýärler. Şypahanada iňňe sançmak, elektroforez, diş lukmançylygy, gulak-burun-bokurdak, bejeriş bedenterbiýesi, ingalýasiýa we beýleki otaglar hem işleýär.


Krioterapiýa otagy «Galaktiki» gyraw basan kosmos stansiýasyna çalymdaşdyr, bu ýerde lukmançylygyň dürli pudaklarynda özüniň oňat tarapyny görkezen häzirki zaman usuly bilen gan aýlanyşygyny we maddalaryň alyş-çalşyny işjeňleşdirýän sowuklyk bilen bejeriş geçirilýär. Başga bir näsag bolsa gyzgyn çägeli wannada bejeriş alýar, bu usul psammoterapiýa diýlip atlandyrylýar. Elbetde, ony täze usul diýip hasaplamak bolmaz, sebäbi gyzgyn çägäniň bejeriş häsiýeti gadymy döwrürlerden bäri mälimdir. Türkmenler şol usuly hemişe peýdalanyp gelipdirler, säbäbi şeýle çäge olaryň aýaklarynyň astyndadyr. Häzirki wagtda bu bejeriş daýanç-hereket synalarynyň, bogunlaryň, nerw ulgamynyň kesellerinde we başgalarda peýdalanylýar. Ýörite wanna enjamy gün bilen gyzdyrylan çägäniň ýakymly täsirinden başga şol çägäniň gyradeň sürtülmesini hem üpjün edýär, munuň özi nerwe işjeň täsir etmäge we oňat netije gazanmaga mümkinçilik berýär.

Gadymy we häzirki wagtda dünýäde uly isleg bildirilýän stounterapiýa otagy hem bar.Şonda bejeriş we owkalamak usulynda tekiz gyzgyn daşlar, ýagny bazalt daşy ulanylýar, ol wulkandan dörän daşdyr, şonuň üçin hem uly energetika eýe hasaplanylýar.


Umaman alnanda, şypahananyň bejeriş otaglaryna aýlanmak täze tehnologiýalaryň ençemesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär, olar häzirki wagtda şypahana iş tejribesini baýlaşdyrýar, şol sanda asyrlaryň dowamynda synalyp görlen fizioterapewtiki täsir ediş usullaryny döwrebaplaşdyrýar. Mysal üçin, doly gury ýagdaýda galmak bilen suw çüwdürimi arkaly ähli bejeriş güýji duýmaga näsaga mümkinçilik berýän, bedeni suw arkaly owkalamak üçin özboluşly abzaly hem görkezmek bolar.

Suwasty owkalamak üçin ulanylýan wanna hem täze enjamdyr, şonda suwa çümmek zerur dürli bejeriş häsiýetli duş, suw arkaly bejeriş almak üçin otaglarda hem täzelikler kändir. Özi-de näsaga doly derejede oňaýly, lukmana bolsa ähli ýagdaýlary sazlamaga amatly bolmagy üçin şertler döredilendir, olaryň uly bölegi bolsa awtomatlaşdyrylandyr.


Abzal näçe kämil boldugyça, şonça-da çylşyrymlydyr, şonuň üçin hem ol hünärmeniň uly üns bermegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, şypahananyň lukmanlary zerur degişli taýýarlygy geçdiler. Tejribe alyşmak maksady bilen türkmen hünärmenleriniň Slowakiýa gitmegi guraldy, şol ýerde hem şular ýaly şypahanalar bar. Mollagarada lukmanlaryň ýöriteleşmegi hem-de hyzmatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ylmy—barlag işleri hem geçirilýär. Mysal üçin, palçygyň we duzly suwuň täsir ediş usullaryny, bu ülkäniň bejeriş serişdeleriniň adam bedenine täsir edişini öwrenmek, palçygyň we elektrik togunyň toplumlaýyn ulanylmagy usullaryny, owkalamagy we beýleki usullary peýdalanmak boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Şeýle barlaglaryň biri barokamerada bejerişe bagyşlanandyr. Bu täze, ýöne bedeniň gorag güýçlerini we fiziologiki mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň netijelidigini subut eden usuldyr. Şypahanada soňky nusgadaky hem-de Mollagarada bejerişiň tapgyryny ýa-da toplumlaýyn sagaldyşy geçýänler üçin niýetlenilen, batiskafi ýada salýan, enjamyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän kosmiki tehnologiýadaky barokamera oturdylandyr. Bu usul, ýagny dokumalary kislorod bilen baýlaşdyrýan usul adam bedenindäki dürli nähoşlyklar bejerilende üstünlikli ulanylýar. Lukmanlar tarapyndan toplanan maglumatlar we barlaghana seljermeleri şypahananyň esasy baýlygy bolan Mollagara kölüniň bejeriş häsiýetdäki duzly suwuny we palçylygyny ulanmak bilen geçirilýän esasy bejeriş tapgyryna üstünlikli goşant goşýan bu usulyň geljeginiň uludygyny tassyklaýar. Sebäbi biziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan saglyklaryny dikeltmek maksady bilen adamlar bu şypahana gelýärler.


Mollagara kölüniň bejeriş häsiýetiniň Ýakyn Gündogardaky meşhur Asuda deňzi ýa-da Ukrainanyň Saki palçyk şypahanasy bilen deňeşdirilmegi ýöne ýere däldir. Türkmen hünärmenleriniň tassyklaýşy ýaly, Mollagaranyň palçygynyň belli bir artykmaçlygy bar. Ol çalt siňýän we çalt guraýan çäge palçygy däl-de, eýsem, çökündi palçygydyr. Ýagny Mollagaranyň palçygynyň uly täsir ediş möhleti bar we dikeldiş taýdan netijeliligi boýunça meşhur dünýä şypahanalaryndan has ýokarydyr.

Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda halk arasynda bü kölüň täsin aýratynlyklary barada onlarça rowaýatyň dörändigi tötänden däldir, onuň suwunda we palçygynda hloridiň we sulfat natriniň, magniniň, demriň, brom duzunyň we beýleki minerallaryň köp mukdary bar. Alymlar şondan kümüşiň we altynyň mikroelementlerini hem tapdylar. Tutuşlygyna alnanda, Mollagaranyň suwunyň minerallaşmagy 200-250 mg/l barabardyr. Adamlar birmahallar Mollagara kölüniň bejeriş häsiýetini açdylar. Ýöne şol serişdeler has güýçlüdir, munuň özi islendik lukmançylyk serişdesinde bolşy ýaly, şolardan peýdalanmaga dogry çemeleşmegi talap edýär.

Serişdeleriň dermanlyk mukdaryny seçip almak we görkezijileriň hasabyny ýöretmek hem möhümdir. Şonuň üçin hem başarnykly saglygy goraýyş kömegi, lukmanlaryň tejribesi we bilimleri zerurdyr.

Bejeriş palçygy we duzly suw bilen daýanç-hereket ediş synalarynyň nähoşluklary, gury agyry, poliartrit we newrit, osteohondroz, deri keselleri we beýleki ençeme keseller bejerilen mahaly kömek edýär. Olar dürli şikesleri, hususan-da, dokumalardaky şikesleri soň dikeltmek üçin ulanylýar.

Şypahanada duzly suw ýyly bejeriş wannalary görnüşinde peýdalanylýar, olar ähli bejerişde hem keseliň özboluşlylygyny nazara almak bilen belli bir wagt aralygynda bellenilýär. Şeýle wannada duzuň jemlenmesi 1 litr suwda 33 grama barabardyr.

Palçyk ýapgy etmek ýa-da dolap ýapmak görnüşinde ulanylýar, şunda bejeriş serişdesi ýörite abzalda zerur temperatura çenli gyzdyrylýar. Soňra ýyly suw düşegi bilen ýörite «gury» wannada ýatan näsaga ýapgy edilýär we onuň düşek bilen üsti örtülýär. Garamtyl palçyk bilen iş geçirilýändigine garamazdan, bir wagtyň özünde 30 adamyny kabul etmäge niýetlenilen palçyk bölümi arassalygy bilen tapawutlanýar.

Şol palçygyň gymmatlydygyna müňlerçe adamlaryň saglygynyň dikeldilmegi oňat subutnamadyr. Sebäbi palçyk bilen em etmek beýleki usullar netijesiz bolan halatlarynda hem kömek edýär. Köplenç näsaglar bejerişiň 2-3 tapgyryny geçenden soň, köp ýyllap düşekde ýatyran nähoşlukdan dynýarlar.

Bu bejeriş palçygy köldäki belli bir ýerden alynýar. Bu ýerde, duzly kölüň kenarynda 300 orunlyk solýariý ýerleşýär. Ol näsaglar üçin iýetlenilendir. Şonuň üçin hem bu ýeri lukmanlar, degişli düzümler we suwa düşülýän ýer bilen üpjün edilendir.

Bu ýer golaýdaky ilatly ýerleriň ýaşaýjylarynyň halaýan ýeridir. Şonuň üçin hem maýyl günler ol boş durmaýar. Şol ýerden şypahananyň gür baga bürenen ajaýyp keşbi aýdyň görünýär. Onuň ak mermere örtülen binalary uzynlygy 105 kilometr we ýylyň möwsimine baglylykda, ini 600 metrden 2-3 kilometre çenli ýetýän kölüň suwunyň ak köpürjigi bilen haşamlanyp göze ilýär. Kölüň çuňlugy iki metre ýetip biler, ýöne welin duzly kölde gark boljak gümanyň ýok. Ýylyň şol wagtynda kölüň gyzylymtyl öwüşgini bar, bu onda ýoduň köplügi bilen şeýle bolýar, oktýabr-noýabr aýlarynda ol mawy reňke öwrülýär, onda ftoryň, kalsiniň we magniniň mukdary artýar.

Diýmek, bejeriş tapgyrlary we usullary duzly kölüň suwunyň himiki düzüminiň möwsümleýin üýtgemegini nazara almak bilen utgaşdyrmak mümkindir. Şypahana bolsa ýylyň bütin dowamynda işleýär.

Esasy binadan başga bu ýerde maşgala bolup ýaşamak, çagalar bölümi, SPA-merkez üçin aýratyn bina hem bar. Şypahanada bolýanlaryň oňat dynç almaklary, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ajaýyp şertler döredilendir: kitaphana, Internet-kafe, restoran we dükanlar, türgenleşik zaly, bilýard oýnalýan ýer, toparlaýyn oýunlar üçin açyk sport meýdançalary, amfiteatr we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar bar. Fito-bar aýratyn özüne çekýär, şol ýerde türkmen topragynyň dermanlyk ösümliklerinden demlenen ýakymly çaýy içmek bolar.

Şypahananyň täze binalary bilen bir hatarda, bu ýerde lukmanlar we şypahananyň işgärleri üçin köp öýli jaýlaryň 6-synyň durkunyň täzelenendigini hem belläp geçmeli. Sebäbi şypahanada dynç almagyň lukmançylyk hyzmatlaryndan başga hem tagamly naharlardan we boş wagty guramaçylykly guramakdan ybaratdyr. Mysal üçin, şypahanada bejeriş alýanlar üçin «Awaza» , welaýatyň Balkanabatdaky ülkäni öwreniş muzeýine, Garaçagyl çeşmesine gezelençler yzygiderli guralýar. Şol gezelençler mahaly welaýatyň taryhy barada köp sanly täze gyzykly zatlary bilmek bolýar.

Kölüň kenarynda gurlan ajaýyp amfiteatr şypahanada saglygyny berkidýänler üçin agşamlaryna özüne çekýän ýer bolup durýar. Bu ýerde aýdym-saz agşamlary, döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şolara aýdym aýtmagy, tans etmegi halaýan, köp goşgulary, atalar sözlerini ýa-da nakyllary, gadymy däpleri bilýänleriň her biri gatnaşyp biler. Şypahanada «Lukman» çeper höwesjeňler topary hem bar, mundan başga hem welaýat dolandyryş merkezinden aýdymçylary ýa-da tans toparlaryny çykyş etmek üçin bu ýere çagyrýarlar. Medeni-köpçülik işleriniň göwnejaý ýola goýulmagy netijesinde bu ýere saglyklaryny dikeltmäge gelýän adamlar bilelikdäki çäreleri, konsertleri we çykyşlary gurap, agzybir maşgala öwrülýärler.

Dostluk gatnaşyklary, wagtlaryny hoş geçirmekleri, döredijilik taýdan taplanmak netijeli bejeriş üçin goşmaça serişde bolup durýar. Dürli welaýatlaryň ýaşaýjylary bu ýerde döredilen ajaýyp şertler, saglygyny dikeldendikleri, gujur-gaýrata eýe bolandyklary üçin çäksiz hoşallyk duýgusyny beýan edýärler. Olar, ilkinji nobatda, milletiň Lideri Gurbanguldy Berdimuhamedowa adamlar hakynda edýän aladasy üçin, «Mollagara» şypahanasy ýaly ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Bu şypahana dünýäniň şypahana merkezleriniň hataryna goşuldy.

«Bu ýerde bizi hormatly myhmanlar, mähriban dogan-garyndaşlar hökmünde garşylaýarlar—diýip, şypahana gelýänler gürrüň berýärler. –Biz hakykatdan hem bu ýerde ähli işgärleriň üns — aladasyna gurşalýandygymyzy duýýarys».

Olar dertleriniň dep bolmagy üçin «Mollagaranyň» ukyplydygy barada guwanyp aýdýarlar. Mundan başga hem, bu ýerde umumy sagalmak hem-de ýigdelmek hem-de durmuş başarnygyny ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikler bardyr. Şypahana gelýänler özleriniň çäksiz alada bilen gurşalýandyklaryna ýokary baha berýärler, munuň özi adamlara durmuşyň şatlygyny eçilýän bu täsin ýeriň tebigy serişdeleriniň jadyly güýjüni we oňaýly täsirini doly derejede duýmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle ýerler bolsa Türkmenistanda kändir, şol ýerlerde häzirki wagtda şypahana-bejeriş ulgamy täze belentlige çykýar we olar barada geljekki makalalarda söz açylar.
Türkmen Döwlet habarlar gullugy